Türkmen diplomaty Wenada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Awstriýadaky ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçisi H.Amannazarow Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri hanym Beate Meinl-Reisinger bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyk 4-nji sentýabrda Wena şäherinde geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygy Awstriýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda açyk we konstruktiw dialog üçin gymmatly meýdança öwrüldi.

Gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek hem-de energetika, ekologiýa durnuklylygy we ykdysady ösüş bilen bagly meseleleri aýratyn üns berdiler.

Ilçi H.Amannazarow Türkmenistanyň, oňyn bitaraplyk syýasatyna we halkara hyzmatdaşlyga laýyklykda, Awstriýa we tutuş Ýewropa jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda durnuklylygy, durnukly ösüşi we integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagyny ilerletmek ugrunda umumy gyzyklanmalaryň bardygy tassyklanyldy diýlip, habarda bellenilýär.