
Türkmenistan Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýaly mukaddes däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit, şeýle-de egin-eşik önümlerini we durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ibermek bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.