Türkmenistanyň ilçisi Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Milli diplomatik akademiýasynda geçirilen «Ilçiler bilen dialog KNDA 2025» atly çärä gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berilýär.

Çärä Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon, Milli diplomatik akademiýanyň rektory hem-de Seulda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň maksady daşary ýurtly diplomatik wekilleri Koreýa Respublikasynyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary we täze hökümetiň meýilnamalary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Ministr Ço Hýon öz çykyşynda Prezident Li Je Mýonyň wezipesine girişen gününden bäri işjeň we oňyn daşary syýasat ýöredýändigini aýratyn nygtady. Şeýle hem daşary işler ministri Prezidentiň eýýäm dünýäniň 18 döwletiniň Baştutany bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirendigini belläp geçdi.

Ministr çykyşynda şu ýyl Koreýa Respublikasynyň BMG-niň üç düzüminiň — Howpsuzlyk Geňeşiniň, Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) we Adam hukuklary boýunça komitetiniň başlygy hökmünde çykyş edýändigini mälim etdi.

Ço Hýon Koreýanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny-da belledi. Olaryň arasynda Koreýa ýarymadasynda durnuklylygy we parahatçylygy üpjün etmäge ýardam bermek, Durnukly ösüş maksatlary we howanyň üýtgemegi boýunça halkara başlangyçlary öňe sürmek hem-de medeni diplomatiýany ösdürmek bar.

Ministr çykyşynda 2025-nji ýylyň oktýabrynyň ahyrynda Kýondžuda geçirilmegi meýilleşdirilen Aziýa — Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk (ATES) sammitine taýýarlyga aýratyn üns berdi we diplomatik wekilhanalara bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin goldaw bermek haýyşy bilen ýüzlendi.

Çäräniň çäginde ilçi B.Durdyýew ministr Ço Hýon bilen gysgaça gürrüňdeşlik geçirdi. Taraplar 2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň netijeleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen ilçisi döwlet Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi guramakda berlen kömek üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek üçin koreý tarapy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.