
Kapitoliý muzeýinde Merwden we Nusaýdan tapylan tapyndylaryň sergisini guramak maslahatlaşyldy
Italiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary E.Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ylmy-medeni ugurlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça pikir alyşyldy.
Hususan-da pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek we medeni çäreleri guramak boýunça geljekki ädimlere seredilip geçildi.
Rimiň Kapitoliý muzeýinde Gadymy Merwiň we Nusaýyň çäklerinde tapylan özboluşly artefaktlaryň, şol sanda bilelikdki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalary mahalynda tapylan gymmatly tapyndylaryň sergisini gurnamak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle-de duşuşygyň dowamynda şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna saparyny guramak meselelerine seredildi.
Taraplar Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna parahatçylyk we gülläp-ösüş arzuw etdiler hem-de geljekde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygy barada nygtadylar.