Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa saparyny tamamlap, Aşgabada geldi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Hytaýa iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Pekiniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Aşgabada ugrady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanyny dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar hem-de Hytaýa amala aşyran saparynyň üstünliklere beslenmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Hytaýa saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň «ŞHG+» formatynda guralan ýokary derejeli duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we çuň manyly çykyşynda sammitiň gün tertibindäki ileri tutulýan ugurlar barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşyklary boldy.