Mähri Bäşimowa Sloweniýanyň wekiliýetini Aşgabatda dekabrda geçiriljek foruma çagyrdy

Ozal habar berişimiz ýaly, 1–2-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Sloweniýanyň Bled şäherinde geçirilen XX Bled strategik forumyna gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde Mähri Bäşimowa «Merkezi Aziýanyň merkezi orny» atly tegelek stol duşuşygynda çykyş etdi. Bu ýerde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Forumda Mähri Bäşimowa bilen Sloweniýanyň daşary işler ministrliginiň köpugurly hyzmatdaşlyk, syýasy meseleler we ösüş boýunça döwlet sekretary doktor Melita Gabriç, şeýle hem Sloweniýanyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Damýan Bergant bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ýokary derejeli gatnaşyklary berkitmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem Lýublýanada geçiriljek syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda iki ýurduň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri guramak meselesine aýratyn üns berildi.

M.Bäşimowa slowen tarapyny 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada DIM-niň saýty habar berýär.