Türkmenistanyň Prezidenti emeli aň tehnologiýalary babatda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen bolan duşuşygynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr.

Türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, Türkmenistanyň birnäçe bilim ojaklarynda bolsa hytaý dili öwredilýär.

Türkmenistan ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary tehnologiýalar, şol sanda emeli aň tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.