Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip ŞHG-niň sammitine gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Başlyk Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, syýasy dialog işjeň ösdürilýär.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen wekiliýetiniň adyndan minnetdarlygyny beýan edip, hytaý tarapyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ŞHG-niň giňişliginde abadançylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Din Sýuesýany we Hytaý Halk Respublikasynyň dostlukly halkyny Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Energetika ulgamy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow hytaýly hyzmatdaşlaryň, hususan-da, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglygyny, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Bu barada TDH habar berýär.