Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Hytaýda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün günüň ikinji ýarymynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Pekin şäherinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Başlygyny Týanszinde ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Türkmenistanyň ynamdar dosty we hyzmatdaşy bolup durýandygyny belläp, iki ýurduň arasyndaky giň gerimli gatnaşyklaryň türkmen we hytaý halklarynyň bähbidine hyzmat edýändigini nygtady.

Türkmen tarapynyň energiýa, infrastruktura, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygy bellenildi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň uly mümkinçiliklere eýe bolup, söwda, maýa goýum, howpsuzlyk, ynsanperwerlik ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigi we dünýäde has adalatly hem-de deňagramly ulgamy döretmäge oňyn goşant goşýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň degişli hyzmatdaşlyklara işjeň gatnaşmaga taýýardygy beýan edildi. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Hytaý bilen Türkmenistanyň ynamdar we ýakyn hyzmatdaşlardygyny belledi. Iki ýurduň hyzmatdaşlygy hormat, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýar. Hytaý tarapynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga hem-de gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, Hytaý Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewiligini goldaýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, taraplaryň tebigy gaz hyzmatdaşlygynyň möçberini giňeltmeginiň, çig maldan başga ugurlarda hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmeginiň, arabaglanyşyklary güýçlendirmeginiň, «Luban ussahanasy» we medeniýet merkezleriniň özara açylmagy ýaly başlangyçlary çaltlaşdyrmagynyň wajypdygy nygtaldy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de «Hytaý — Merkezi Aziýa» mehanizminiň çäklerinde utgaşykly tagallalary güýçlendirmegiň ähmiýetine üns çekildi. Mundan başga-da, duşuşygyň çäklerinde taraplar intellektual eýeçilik, metbugat, bilim ýaly ugurlarda birnäçe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdiler.