
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri öz Gutlagynda Özbegistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik ösüşinde uly üstünlikleri gazanandygyny, ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanandygyny, ýurduň sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde möhüm orna eýe bolandygyny nygtaýar.
«Ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we Özbegistanyň doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn» diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Gutlagda «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» sammitiniň çäginde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň aýratyn ähmiýeti bellenilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gutlagynyň ahyrynda Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna parahatçylyk, üznüksiz ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlar beýan edilýär.