Serdar Berdimuhamedow ŞHG-ä agza ýurtlary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna çagyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada hem aýdyp, bu gurama agza döwletleri Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

«Guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, biziň Bitaraplygymyza, halkara başlangyçlarymyza hemişe oňyn garaýandygyny nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini we goldandyklaryny nygtamak ýerlikli bolar. Men bu gün taryhy wakanyň — şu ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn minnetdarlyk bilen aýdýaryn. Biz Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge şat bolarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy köpýyllyk asylly däbe öwrüldi. Munuň özi hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan ŞHG-ä we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýär.

Guramanyň sammitiniň “ŞHG+” formatyndaky mejlisiniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin täze halkara ähmiýetli teklip — Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş etdi.

«Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär. Biz bu başlangyjy goldaýarys hem-de hytaýly kärdeşlerimiz bilen ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işlemäge taýýardygymyzy beýan edýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutany şeýle-de Türkmenistanyň ŞHG-niň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň, çylşyrymly meseleleri çözmegiň binýady hökmünde syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmek boýunça çemeleşmelerini goldaýandygyny belledi.

ŞHG-niň sammiti 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 1-nji sentýabryna çenli Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirildi. Oňa 20-den gowrak ýurtlaryň döwlet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.