
Türkmenistan Nigeriýa bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýar
4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nigeriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, ministr R.Meredow nigeriýa tarapyna Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan edýän we ýany bilen degişli ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasy bolan diplomatik notany gowşurdy.