
Türkmenistan YHG-nyň umumy maglumat giňişligini döretmegi teklip etdi
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen 17-nji sammitine gatnaşdy.
Sammitiň öňüsyrasynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ikiçäk surata düşmek dabarasy boldy. Soňra sammit mejlisler zalynda öz işini dowam etdi.
Wise-premýer R.Meredow sammitde eden çykyşynda YHG-nyň Ýewraziýa sebitinde öňdebaryjy integrasiýa guramasy bolmaga ýeterlik mümkinçiliklere eýedigine ünsi çekdi. Bu barada «Report» ýazýar.
Ministr R.Meredow öz çykyşynda, YHG-nyň agza ýurtlarynyň häzirki zaman tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermelidigini nygtap, umumy maglumat giňişligini döretmegi teklip etdi.
R.Meredow guramanyň çäginde «ýaşyl» tehnologiýalar ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Şeýle hem ol agza ýurtlaryň tebigy baýlyklarynyň, demografik mümkinçilikleriniň we söwda gatnaşyklarynyň YHG-nyň ösüşi üçin berk binýat döredýändigini belläp geçdi.