
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky Türkmenistandaky banklaryň arasynda bank kartlarynyň sany boýunça birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2025-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky resmi maglumatlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Resmi statistika laýyklykda «Daýhanbank» 2,1 milliondan gowrak bank kartyny emissiýa edip, ýurduň maliýe edaralarynyň reýtinginiň başyny çekýär. Ikinji orny «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky (1,1 mln kartdan gowrak), üçünji orny bolsa «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky (824,5 müň kartdan ýokary) eýeleýär.
«Daýhanbankyň» işiniň aýratynlygy onuň sebitleýin bazarlara gönükdirilen strategiýasyndadyr. Bankyň iň köp karty Mary welaýatynda — 638,7 müňüsi çykarylan bolsa, Daşoguzda — 527,2 müň we Lebapda — 461,9 müň sany kart müşderilere berlipdir.
Şeýle-de bolsa, «Türkmenistan» we «Halkbank» banklary esasy hyzmatlaryny Aşgabatda amala aşyrýarlar. Diýmek, paýtagtymyzda bu banklar degişlilikde 531,4 müň we 245,7 müň kart çykarypdyrlar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň beren maglumatlaryna laýyklykda banklaryň emissiýa eden kartlarynyň sany şu görnüşdedir:
- «Daýhanbank» DTB — 2 128 079 mln kart;
- «Türkmenistan» DTB — 1 154 707 mln kart;
- «Halkbank» PTB — 824 564 müň;
- «Türkmenbaşy» PTB — 685 427 müň;
- «Senagat» PTB— 514 511
- «TDDYIB» — 509 317 müň;
- «Rysgal» PTB — 174 254 müň;
- «Türkmen-türk» PTB — 141 080 müň.