
Türkmenistan Eýrandan gelýän 4,6 müňden gowrak daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelgäni üpjün etdi
Türkmenistan Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde, bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ynsanperwer işleri durmuşa geçirýär. Şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň Halkara howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şeýlelikde, Türkmenistan daşary ýurtlaryň müňlerçe raýatynyň ýurduň üsti bilen öz döwletlerine gitmekleri üçin ynsanperwer geçelgäni döretdi. Häzirki wagta çenli şol geçelgeden 4 müň 640 adam geçdi. Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Amerika yklymynyň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlary bar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilmegine görä, häzirki günde Türkmenistan 54 sany halkara gurama we ynsanperwer häsiýetli maksatnamalara, şol sanda halkara ynsanperwer hukugy boýunça köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Bu resminamalaryň esasynda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan bäri ýurtda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde dürli ugurlar, esasan-da, durmuş meseleleri boýunça 333 sany milli hem-de sebit taslamalary, maksatnamalar durmuşa geçirildi.
Döwlet Baştutanynyň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 28-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde “tegelek stol” maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 29-njy iýunda Daşary işler ministrliginde ýurtda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing görnüşinde duşuşyk geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle-de BMG-niň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň wekilleri bilen ynsanperwerlik işini has-da ösdürmek üçin üç ýyllyk iş meýilnamalaryny düzmek we olary tassyklamak teklip edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge, zerur bolan ýagdaýynda, ynsanperwerlik kömegini bermäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Döwlet Baştutany beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.