
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda bilelikdäki uniwersiteti döretmek boýunça ylalaşyk taýýarlanylar
Türkmen-rus bilelikdäki uniwersitetini döretmek baradaky hökümetara ylalaşyk ýakyn wagtda taýýar bolar. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň, şeýle-de TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde eden çykyşynda mälim etdi.
«Ýakyn geljekde biz türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça giň gerimli taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýäris. Şu gün men öz kärdeşim we dostum – Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bu meselä degişli hökümetara ylalaşygy taýýarlamak işiniň ýagdaýy barada pikir alyşdym» diýip, ministr S.Lawrow aýtdy.
Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň aýratyn ornuny belläp geçdi.
«Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna we rus medeniýetine hormat goýulmagyna hem-de gyzyklanma bildirilmegine biz ýokary baha berýäris. Aşgabatdaky Rus drama teatry uly meşhurlyga eýe. A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebi üstünlikli işleýär» diýip, rus diplomaty nygtady.
Ministr S.Lawrowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bilim edaralarynda rus dili giňden öwrenilýär.
«Russiýada bolsa türkmen dili käbir uniwersitetlerde we Astrahan sebitindäki ýörite mekdepde okadylýar – şol ýerde türkmen diasporasy kowçum bolup ýaşaýar» diýip, Russiýanyň daşary işler ministri sözüniň üstüni ýetirdi.