
Lawrow Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp gördi
Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabada saparynyň çäklerinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» ýadygärligine gül desselerini goýdy.
«Baky şöhrat» ýadygärligi 1941 — 1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň hormatyna gurlandyr.
Ýeri gelende ýatlatsak, Sergeý Lawrow 24-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirmek üçin Aşgabada sapar bilen geldi.
Gepleşiklerde sebit gün tertibi we halkara ýagdaýlar, şeýle hem köptaraplaýyn formatlaryň çäginde özara gatnaşyklar barada pikir alyşmak meýilleşdirilýär.
Saparyň jemleri boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň 2025-2026-njy ýyllar üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmegine garaşylýar.