
Birleşen Patyşalygyň raýatlaryna berlen ynsanperwer ýardam üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirildi
24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dautiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaý bilen baglanyşykly Birleşen Patyşalygyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bu ädimiň Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklaýandygy bellenildi diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasyndaky syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçdiler.
Hususan-da, Beýik Britaniýanyň telekeçilik pudagynyň wekilleriniň şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýmak» (IFT 2025) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna gatnaşmagynyň netijeliligi bellenildi.
Diplomatlar sebit meselelerini, şu ýylyň ikinji ýarymynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda britan tarapy Türkmenistana Birleşen Patyşalygyň raýatlaryna berlen ynsanperwer ýardam üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi diýlip, habarda bellenilýär.