Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurtlularyň 4 müňe golaýynyň üstaşyr geçmegini üpjün etdi

Daşary ýurtlaryň 4 müňe golaý raýaty Türkmenistanyň kömegi bilen Eýrandan öz watanyna dolandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ynsanperwer geçelgeleri arkaly Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlarynyň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegine goldaw bermegi dowam etdirýär.

«Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda şu güne çenli 52 sany döwlet öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyna ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy. Ähli haýyşnamalar daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda haýal etmän işlenilýär» diýlip, habarda bellenilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň Eýran bilen serhetdäki Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlaryndan geçendigini habar beripdik.