«PostShop» tutuş Türkmenistan boýunça eltip bermek hyzmatyna ýeňillikli bahalary girizýär

«PostShop» onlaýn dükany ýurduň ähli künjegine harytlaryň eltilişiniň täze amatly şertlerini yglan etdi. Indi 5 kg çenli agramy bolan ýüküň islendik ýere iberilmeginiň bahasy bary-ýogy 5 manada barabar, her indiki kilogram bolsa satyn alyjylara 2 manada düşer.

Google Play we App Store programmalarynda elýeterli bolan PostShop ykjam goşundysy elektronikadan we öý tehnikalaryndan başlap, egin-başlar we öý üçin harytlara çenli dürli harytlaryň giň görnüşini hödürleýär. Hyzmat — «Türkmenpoçta» hyzmatdaş kompaniýa arkaly çalt eltip bermegi üpjün edýär: Aşgabada sargytlar bir günüň dowamynda, welaýatlara bolsa 3-5 günüň dowamynda ýerine ýetirilýär.

Alyjylar özleri üçin tölegiň amatly usulyny saýlap bilerler: gowşurylanda nagt görnüşde ýa-da bank geçirmesi arkaly. Adaty söwda etmegi makul bilýänler üçin şu görkezilen salgyda oflaýn-dükan işleýär: Aşgabat ş., B. Annanow köçesi, 39 A.

Eltip bermekligiň täze nyrhnamalary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin hyzmaty has-da elýeterli edýär we ol PostShop resmi goşundysy arkaly onlaýn söwdanyň artykmaçlyklaryny nygtaýar.

Degişli maglumatlary almak üçin telefon belgisi: 72 89 52.