
Watikanyň Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça attaşesi 28 ýyllyk diplomatik işini tamamlaýar
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen özüniň Aşgabatdaky 28 ýyllyk diplomatik işini tamamlaýan Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň Medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeýiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Keramatly Tagtyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary öňe itermekde goşan şahsy goşandy üçin jenap Madeýe minnetdarlyk bildirdi,
Öz gezeginde jenap Madeý Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk dörediji işine hem-de konstruktiw daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Ol 28 ýylyň dowamynda ýurtda diplomatik işini durmuşa geçirmäge ýardam berendigi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Şeýle-de taraplar geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gatnaşyklarynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryny öňe sürmegiň zerurlygyny bellediler.