
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek baradaky Karara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we ýer eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2026-njy ýylyň hasyly üçin ýurt boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.
Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow agzalan Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewe iberdi we degişli tabşyryklary berdi.