Türkmen-rus söwda dolanyşygy 21,4 göterim ýokarlandy

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

«Rus-türkmen gatnaşyklary ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Golaýda geçirilen «KazanForuma» türkmen tarapynyň aýratyn ähmiýet berendigi we oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşandygy üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Şu günki duşuşygymyzyň özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn. Gazanylan ähli ylalaşyklary ýerine ýetirmek ugrunda halklarymyzyň bähbidine bilelikde işleri alyp bararys» diýip, Marat Husnullin aýtdy.

Wise-premýer Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary depgin bilen ösýändigini belläp geçdi. 2025-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda söwda dolanyşygy 21,4 göterim artdy. Özara söwdany ösdürmek maksady bilen, taraplar häzirki wagtda hökümetara çäreleriň 2025 — 2027-nji ýyllar üçin meýilnamasyny taýýarlamak ugrunda işleri alyp barýarlar diýip, M.Husnullin belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew duşuşykda gozgalan meseleleri konstruktiw ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan edip, bu duşuşygyň özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda, senagat, energetika, oba hojalygy, medeniýet, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny kesgitlediler.

Halkara ulag geçelgeleriň işjeň ösdürilmegiň çäklerinde, täze ugurlara, şol sanda Türkmenistandan Hytaýa we beýleki ýurtlara barýan ugruň mümkinçiliklerine garaldy. Geljegi uly taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna çykalgasy bolan Wolga-Hazar kanaly, şeýle hem «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çägindäki «Hazaryň Gündogar kenary boýunça geçelgesi» ugry görkezilýär.

Medeni hyzmatdaşlyk hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Medeni çäreleri özara geçirmek däbiniň täzeden ýola goýulmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy diýlip, habarda bellenilýär.