Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehi kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz ilçini mähirli mübärekläp, ony ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar. Bu bolsa abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin esas bolup durýar.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunda Türkmenistanyň nebithimiýa, dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümlerini, dürli azyk harytlaryny eksport etmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-palestin gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. “Biz geljekde-de halklarymyzy ýakynlaşdyrmakda ähmiýetli bolan özara Medeniýet günleriniň geçirilmegini, bilim babatda alyşmalaryň, milli sergileriň we maslahatlaryň guralmagyny goldarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň palestin tarapynyň anyk tekliplerine we netijeli başlangyçlaryna seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz hanym Rana Abu Hijlehi Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, türkmen-palestin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Rana Abu Hijlehi Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik. Şunuň bilen baglylykda, hanym Rana Abu Hijlehiň ýurtlarymyzyň bähbidine alyp barjak diplomatik işinde Siziň Alyhezretiňiziň hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynanýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.