
Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň Parižde geçirilen 176-njy sessiýasyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti 17-nji iýunda Pariž şäherinde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş Assambleýasynyň 176-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Sessiýanyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler we ýarmarkalar bölüminiň başlygy Kemal Amanow gatnaşdylar.
HSB-niň Dolandyryş we býujet komitetiniň prezidenti Karen-Maýe Hill Türkmenistanyň Hökümetine aýratyn minnetdarlyk bildirip, 2025-nji ýylyň 17 — 19-njy martynda Aşgabat şäherinde HSB-niň Dolandyryş we býujet komitetiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini belledi. Agzalan duşuşygyň ilkinji gezek Pariž şäheriniň daşynda geçirilendigini nazara alnyp, çäräniň taryhy waka bolup durýandygy nygtaldy.
Sessiýanyň çäginde meýilleşdirilýän halkara sergileri geçirmek babatynda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabatlar diňlenildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti HSB-niň agza ýurtlarynyň wekilleri we ýolbaşçylary bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi diýlip, habarda bellenilýär.