
Wise-premýer N.Atagulyýew Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPHYF-2025) çäklerinde Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi we mundan beýläkki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berdi.
Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berilýän üns üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi. Ol doganlyk halklaryň arasynda taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny, şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini aýratyn nygtady.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda Tatarystanyň birnäçe iri kompaniýalary üstünlikli iş alyp barýarlar. Olaryň hatarynda «KAMAZ», Kazan dikuçar zawody (KDZ), «KER-Holding» hem-de «Eýdos» ýaly kompaniýalar bar. Geçen ýylyň netijeleri boýunça özara söwda dolanyşygy 39 million amerikan dollaryndan geçdi.
Taraplar geljekde söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hususan-da, Rustam Minnihanow geljekde nebit-gaz gözleg işlerinde, gaz transporty, maşyngurluşyk, awiasiýa tehnikalarynyň önümçiligi, gämi gurluşygy we himiýa önümleriniň iberilişi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegi teklip etdi.