
Türkmenistan Eýrandan gelýänler üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün etmek arkaly goldaw bermegini dowam edýär.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, häzirki wagta çenli Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi.
«Türkmen häkimiýeti bu raýatlar üçin üstaşyr geçişi üpjün edip, olaryň öz Watanyna dolanmagyna ýardam edýär. Bu iş Aşgabatdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar» diýlip, habarda bellenilýär.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal daşary ýurtlaryň 120-den gowrak raýatynyň Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebäpli eýran-türkmen serhedinden geçendigini habar beripdik.