
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Şeýle-de amerikan wekiliýeti üçin türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen tanyşlyk gezelenji hem guraldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek barada Ähtnamanyň çäklerinde bilelikdäki bilim maksatnamalaryny amala aşyrmagyň geljekki ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda taýýarlamak barada pikir alşyldy. Bu barada TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda habar berildi.
Duşuşykdan soň institut boýunça tanyşlyk guraldy. Myhmanlar türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby, türkmeniň ak öýi we institutyň okuw studiýasy, şeýle hem institutda hereket edýän nemes, türk kitaphanalary bilen tanyşdyryldy.
Ýeri gelende bellesek, 1910-njy ýylda esaslandyrylan Kent döwlet uniwersiteti bilim, işewürlik we tehnologiýa boýunça innowasion maksatnamalary bilen tanalýan ABŞ-nyň iň uly we abraýly döwlet edaralarynyň biridir. Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Olar: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutydyr. Bu ylalaşyklar akademiki maksatnamalary giňeltmegi, bilelikdäki bilim we ylmy başlangyçlary döretmegi we iki ýurduň arasynda medeni alyşmalary güýçlendirmegi maksat edinýär.