
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde çykyş eder
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitine gatnaşýar. Şeýle-de bu sammite Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşýarlar.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron sahypasynda habar berlişi ýaly, sammit Astana şäherindäki «Garaşsyzlyk» köşgünde geçirilýär. Onuň maksatnamasyna laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Baştutanlary, şol sanda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem sammitiň dowamynda çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan eder.
Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamalaryň ikisine — Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de Astana Jarnamasyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär diýlip, habarda aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formaty 2020-nji ýylda döredilen ýaş hyzmatdaşlyk meýdançasy hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, şu geçen döwrüň dowamynda alty ýurduň Liderleri 2022-nji ýylyň ýanwarynda onlaýn tertipde, 2023-nji ýylyň maýynda bolsa Sian şäherinde ýüzbe-ýüz görnüşde ýokary derejeli duşuşyklary geçirdiler. Astanada geçirilýän ikinji sammitiň gün tertibi hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Syýasy dialogy giňeltmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak; üstaşyr ulag baglanyşygyny ösdürmek; energetika we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmek şolaryň hataryndadyr. Şunda sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berler.