Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Astana bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Bu barada TDH habar berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanynyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki birinji sammit 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentiň sammitde çykyş etmek bilen, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.