
17-nji iýunda Astanada Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň döwlet baştutanlarynyň sammiti geçiriler
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 17-nji iýunda Merkezi Aziýa – Hytaý formatyndaky ikinji sammit geçiriler. Onda sebitiň ýolbaşçylary howpsuzlyk, syýasy dialogyň ösmegi, söwda-ykdysady hem-de ulag hyzmatdaşlygy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar — diýip, Gazagystanyň DIM-niň resmi wekili Aýbek Smadiýarowa salgylanmak bilen TASS agentligi habar berýär.
Diplomat sammitiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda we ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag infrastrukturasyny ösdürmek, energetika, innowasiýa hem-de durnukly ösüş ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Sammitiň jemleri Astana beýannamasynyň we baky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň gol çekilmegine garaşylýar. Smadiýarow bu resminamalaryň taraplaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak we sebitde durnukly ösüş üçin jogapkärçilik esasynda giň gerimli hyzmatdaşlygy berkitmäge ymtylýandygyny hukuk taýdan berkidýändigini nygtady.
Esasy gepleşiklerden başga-da, ikinji sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň energetika forumy hem-de işewürlik geňeşiniň mejlisi geçiriler.
Bu Merkezi Aziýa – Hytaý formatyndaky birinji sammit 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilipdi.