
Türkmenistanyň Prezidenti küşt boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylary gutlady
Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şu gün paýtagt şäheriň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryş açylýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
Döwlet Baştutany "Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda ýurduň sport taryhynda möhüm waka boljak bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň däplerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň ussatlyklaryny we tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny nygtaýar.
Gutlagda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda biziň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi ýurduň sport özgertmeleriniň halkara derejede giňden goldanylýandygyny görkezýär.
"Küşt oýny gadymy dessanlarda, türkmen halk ertekilerinde, geçmişde we häzirki wagtda hem meşhurlyga eýedir. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawynda orun alan bu oýun sport görnüşi hökmünde giňden tanalýar. Küşt oýny geçmişde «sadranç», «şahmat» ýaly atlar bilen meşhur bolupdyr. Ol has irki döwürlerde güýmenje hökmünde döräp, wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşipdir. Küşt bilen 5 — 8 ýaşlarynda meşgullanyp başlan çagalaryň geljekde üstünlik gazanmak mümkinçilikleri has ýokarydyr. Sebäbi şol ýaşda çagalar küşt sungatynyň islendik çylşyrymly tilsimlerini özleşdirmäge ukyplydyr. Öz başarnygyňy her gün kämilleşdirmäge taýýar bolmaly. Çünki ussatlyga barýan ýol zähmeti hem tutanýerliligi talap edýär. Ussady halypa tutunyp, öwrenmegiň netijeli maksatlaryny öňde goýmak hem geljekki üstünlikleriň möhüm şertidir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemekde küşt oýnuna aýratyn ähmiýet beripdirler. Türkmen türgenleriniň küşt boýunça iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri we baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary örän guwandyryjydyr" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda belleýär.