
Türkmenistan GDA ýurtlarynyň Içeri işler ministrlikleriniň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça ýygnagyna gatnaşdy
Gazagystanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Içeri işler ministrlikleriniň operatiw bölümleriniň ýolbaşçylarynyň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş meselelerine bagyşlanan ýygnagy geçirildi. Bu döwletara çärä Türkmenistan hem gatnaşdy. Çäräniň beýleki gatnaşyjylarynyň arasynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Belarusuň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri hem bar diýip, TASS habar berýär.
Duşuşygyň esasy temasy ýaraglaryň bikanun dolanyşygynyň öňüniň alynmagy, sebitleýin döwletleriň arasynda operatiw maglumat alyş-çalyşyň güýçlendirilmegi we jenaýat toparlaryna garşy göreşmekde täsirli usullaryň işlenip düzülmegi bilen bagly boldy.
Gazagystanyň içeri işler ministri Ýeržan Sadenow diňe bir guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş babatda däl, eýsem, ähli görnüşdäki jenaýatçylyga garşy çärelerde, jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmekde we häzirki zaman wehimlerine garşy durmakda täsirli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belläp geçdi.