Russiýanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geler

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iýun aýynyň ahyrynda resmi sapar bilen Aşgabada gelmäge taýýarlanýar diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Russiýa güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde aýtdy.

«Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Sergeý Wiktorowiç Lawrowyň iýun aýynyň ahyrynda Aşgabada gelmegine garaşylýar» diýip, diplomat belledi.

I.Wolynkin taraplaryň arasyndaky yzygiderli dialogyň Russiýa bilen Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynyň ösmeginde örän möhüm faktor bolup durýandygyny nygtady. «Biziň bilelikdäki maksadymyz — täze belent sepgitlere tarap öňe gitmek» diýip, ilçiniň sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýa güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik çarşenbe güni Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Türkmen tarapyndan dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.