
12-nji iýundan başlap Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky ýolda gatnawlar wagtlaýyn çäklendirilýär
2025-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykany üçin gatnawlar wagtlaýyn çäklendirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen bildirişde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti, Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan berlen bildirişde şeýle diýilýär:
«Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. 2025-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap, gurluşyk-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýolda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berýäris. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder».