Türkmenistanyň Prezidenti «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Gutlag türkmen metbugatynda çap edildi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň dokma önümleri dünýäde ekologik taýdan arassalygy, ýokary hillidigi we tebigy çig maldan taýýarlanýandygy bilen giň meşhurlyga eýedir. Kuwwatly önümçilik üpjünçilik ulgamlary we çig mal binýady bolan Türkmenistanyň dokma toplumy ýurduň ykdysadyýetinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Türkmen dokma önümleri häzirki wagtda onlarça ýurda eksport edilýär. Önümçilige dünýä ylmynyň gazananlaryny we netijeli innowasion tilsimatlary ornaşdyrmagyň hasabyna senagaty hem-de milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisini mundan beýläk-de ösdürmek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir.

Şeýle-de ýurtda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

«Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralýar. Onda ýurduň dokma senagatynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri, dokma kärhanalarynyň iň täze önümleridir tehnologiýalary bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

"Sergi-ýarmarkanyň ekspozisiýalarynda diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksporta niýetlenen ýüpek matalaryň, lybaslaryň we beýleki dokma önümleriniň hem bolmagy bu giň möçberli çärä gatnaşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çeker hem-de bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlaryna açykdygyny aýdyň görkezer" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.