Wise-premýer N.Atagulyýew Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewi kabul etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň başynda wise-premýer N.Atagulyýew özbek Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, suw hojalygy ulgamlarynda giň möçberli hyzmatdaşlygyň täze gün tertibini döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy.

Geljekde geçiriljek Sebita foruma hem-de birnäçe bilelikdäki işewürlik we medeni çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmeginiň möhümdigi hem aýratyn nygtaldy.