Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hindistan» Işewürlik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

5-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow «Merkezi Aziýa – Hindistan» Işewürlik geňeşiniň mejlisine gatn

Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hindistanyň arasynda ulag-logistika ulgamyndaky özara baglanyşyk, sanly ykdysadyýet, şeýle hem bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde maýa goýum mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Işewürlik geňeşiniň işine uly ähmiýet berýändigini belläp geçdi. Şeýle hem bu geňeşiň çäginde döredilen tejribäni giňeltmegiň we işjeň ulanmagyň möhümdigi nygtaldy.

Merkezi Aziýada energetika, ulag we logistika infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamanyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, «Demirgazyk — Günorta» ugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek başlangyçlaryna laýyk gelýän bilelikdäki ulag-logistika taslamalaryna maýa goýum mümkinçilikleri boýunça hem pikir alyşmalar boldy.

Taraplar ýokary tehnologiýalar, emeli aň we sanly platformalaryň döredilmegi ýaly innowasiýa ugurlarynda Hindistan bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.