Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasyny we halkyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa we ýurduň ähli halkyna Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Karl XVI Gustawa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Patyşalygyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.