
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet sapary tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet saparynyň dowamynda söwda-ykdysady, ýeňil senagat, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen 14 resminama gol çekildi.
Hususan-da, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça topary döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda söwda, ykdysady we maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin orta möhletli Maksatnama; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalygy we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda ýeňil senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Mongoliýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Mongol milli lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Mongoliýanyň Milli uniwersitetiniň Syýasy ylymlar, halkara gatnaşyklary we jemgyýetçilik dolandyryşy mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Aşgabat şäher häkimligi bilen Ulan-Bator şäheriniň merliginiň arasynda Aşgabat şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Mongoliýanyň milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Mongol ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Mongoliýanyň Milli telewideniýesiniň arasynda teleradioýaýlymlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen «MONTSAME» Mongol milli habarlar agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Saparyň dowamynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana 2024-nji ýylda amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem-de iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen hem duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa döwlet saparyny tamamlap, Ulan-Bator şäheriniň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady. Birnäçe sagatdan soň, döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu barada TDH ýazýar.