
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Duşenbede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
Duşenbede geçirilen Buzluklary goramak boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti halkara ekologiki hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, 29-njy maýda türkmen wekiliýeti Ýaşyl klimat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory hanym Mafalda Duarte bilen duşuşdy. Duşuşykda çölleşmä garşy göreş, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy we milli gidrometeorologiýa gulluklarynyň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy boýunça täze başlangyçlary öňe sürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
30-njy maýda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fuji bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn ekologiki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Ýaponiýanyň Çuo uniwersitetiniň Gözleg başlangyjynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu resminama parnik gazlarynyň milli kadastryny kämilleşdirmek we Pariž ylalaşygynyň çäginde hasabatlylygy berkitmek babatynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.
Maslahatyň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han bilen hem duşuşyk geçirildi. Taraplar YHG-niň çäklerinde ekologiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we sebitde täze başlangyçlaryň goldanylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.