Türkmenistan daşary işler ministri we Pakistanyň Senatynyň başlygy hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

31-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler wagtyň synagyndan geçen köpugurly türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň konstruktiw häsiýetini nygtadylar hem-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erki netijesinde döwletara dialogynyň häzirki ýokary derejesini bellediler.

Iki ýurduň halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň möhümdigi hem-de parlamentara gatnaşyklarynyň gurallarynyň ähmiýeti tassyklanyldy.

Duşuşykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly meseleler hem-de ikitaraplaýyn gün tertibiň beýleki möhüm ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.