
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Hytaýdan Türkiýä ilkinji üstaşyr konteýner otly düzümini ugradýar
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ (TULM) ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, halkara multimodal ulag üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklygy dowam edýär. Bu barada TULM-yň web sahypasynda habar berilýär.
Şu ýylyň martynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Sian demirýol stansiýasyndan ilkinji gezek jemi 55 sany 40’futluk konteýnerlerde dürli enjamly ýükli otly düzümi Altynköl serhet geçelgesinde 1435 demir ýolundan 1520 demirýoluna ýükleme düşürme işleri amala aşyrylyp ugradyldy.
Gazagystandan ugur alan konteýner otly düzümi ýurdumyzyň Etrek stansiýasynda türk platformalaryna geçirilip, Türkiýe Respublikasynyň Halkaly demirýol stansiýasyna ugradyldy. Bu konteýner otly düzüminiň esasy aýratynlygy bolsa, diňe gury ugurda (demir ýol ulaglarynda) daşalmagyndan ybarat bolup, iň çalt tertipde barýan konteýner otly düzümi bolar.