
«Belet film»: Sanly platformalaryň mümkinçilikleri artýar
Kino sungaty aýratyn ugur bolmak bilen, ol durmuşa has ýakynlygy bilen tapawutlanýar, çünki kinoda janlandyrylýan keşpler, köplenç ýagdaýda durmuş pursatlaryny ýatladýar. Režissýorlaryň we aktýorlaryň ussatlygy bolsa filmleri hakykata ýakyn edip görkezýär. Islendik wakany tomaşaçynyň gözüniň öňünde janlanar ýaly edip, adamlaryň duýgusyna ýiti täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda kino sungaty täze innowasion ösüşleriň menziline gadam basdy. Sanly tehnologiýalaryň kämilleşmegi bilen has-da uly isleg döredýän kino sungatynyň tomaşaçylarynyň sany bolsa barha artýar.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we kino sungatynyň innowasion ösüş depginini gözkezmek maksady bilen «Türkmentelekom» EAK-sy tarapyndan ýola goýlan «Belet film» Online kinoteatr platformasy dürli filmleriň, teleseriallaryň, multfilmleriň, dokumental filmleriň giň ýygyndysyny bir saýtda jemleýär.
«Belet film» Online kinoteatr platformasy dürli žanrly filmleri, teleseriallary, multfilmleri, şekilli aýdymlary ýokary hilli, öý şertlerinde onlaýn tomaşa etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de raýtlara filmlere tomaşa etmek üçin amatly wagty saýlamak, olara soňuna çenli tomaşa etmek ýa-da bölekleýin görmek üçin şertleri döredýär.
Onlaýn kinoteatry tomaşaçylaryň ýaş aýratynlygy esasynda toparlara bölünip, has ýaş tomaşaçylar üçin niýetlenen aýratynlyklary hem bar. Çagalar üçin onlaýn kinoteatryň mazmuny ýönekeý we düşnükli ýaly görünse-de, bu bölüm okuw wideolaryna, animasiýalara, oýunlara esaslanýan psihologiki usullary özünde jemleýär.
Şonuň üçin çagalar üçin bölümler terbiýeçilik ähmiýetli bolup, körpelere ilkinji düşünjeleri bermäge, olaryň bilimlerini ösdürmäge we başarnyklaryny kämilleşdirmäge kömek edýär. Häzirki wagtda multfilmler ene-atalar üçin ilkinji döwrebap terbiýe we bilim düşünjelerini bermegiň serişdesine öwrüldi.
Şeýle hem türkmen multiplikatorlarynyň bilimi we düşünjäňi ösdürýän dürli mowzukdaky multfilmleri Onlaýn kinoteatryna yzygiderli ýerleşdirilýär. Türkmen halkynyň baý ruhy we medeni gymmatlyklaryny beýan edýän filmleri we multfilmleri bolsa ýaş nesilleriň döredijilik başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýardam berýär.
Mundan başga-da Onlaýn kinoteatryň intellektual gözleg ulgamy bolup, ol tomaşaçylaryň isleg bildirýän žanrlaryny tapmak üçin ýeňillik döredýär we wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
«Belet film» - siziň dynç alyş pursatlaryňyzy ýakymly täsirler bilen doldurýar!