Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň döwlet baştutanyny BMG-niň Awazada geçirjek maslahatyna çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy. Bu çakylyk Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa – Italiýa» ilkinji sammitiniň çäklerde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda beýan edildi — diýip, TDH agentligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün etmek, suw serişdelerini peýdalanmak, daşky gurşawy goramak ýaly meselelerde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlaryna goldaw berýändigi üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde Aşgabat hem Gazagystanyň halkara giňişlikdäki tekliplerini yzygiderli goldamagyny dowam etdirýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, söwda ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Bellenilişi ýaly, iki ýurtda festiwallaryň we Medeniýet günleriniň geçirilmegi, döredijilik we ylmy işgärleriň yzygiderli gatnaşyklary medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.