
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.
TDH-niň berýän habaryna görä, häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen köp sanly Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk taraplara öz mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygyň sebitiň ýurtlaryna öňdebaryjy tehnologiýalara, maýa goýumlara we senagat, energetika hem-de infrastruktura ulgamlaryndaky tejribä ýol açýandygyny bellemek gerek.