Türkmenistanda Ylymlar güni giňden belleniler

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahatlaryň we dabaraly çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 29-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurtda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli 12-13-nji iýunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmaklarynda geçiriljek bu maslahatda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 11-nji iýunda “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy maslahatlary, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.