4-nji iýunda Türkmenistanda bugdaý oragyna girişiler

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurtda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, döwlet tarapyndan ýerden bol hasyl almak boýunça daýhanlar üçin zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hormatly ýaşululardan galla oragyna başlap bermeklerini haýyş edip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.