Türkmenistanyň Prezidenti 1-2-nji iýunda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji iýunda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bu sapara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli işler alnyp barlyp, onuň netijesinde saparyň Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumynyň, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäräniň, milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, ýakynda Mongoliýada geçiriljek duşuşyklaryň hem türkmen-mongol gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi we wise-premýer, daşary işler ministrine bu döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde aýdylyşy ýaly, Mongoliýa bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady 11 sany resminama bilen berkidildi. Birleşen Milletler Guramasynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň 3 duşuşygy guraldy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary boldy.

Türkmenistan hem-de Mongoliýa halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler. Mongoliýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 16 Kararnamanyň awtordaşlarynyň biridir. Türkmenistan hem Mongoliýanyň öňe sürmeginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 5 Kararnamanyň döredijileriniň biri bolup durýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, oba hojalygy, maldarçylyk, ýeňil senagaty hem-de ulag we logistika ulgamlary ileri tutulýan ugurlardyr. Özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, bu işe kiçi we orta telekeçiligi çekmäge aýratyn üns berilýär.

Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem giňeldilýär. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mongoliýadaky medeniýet günleriniň we geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bilelikdäki medeni çäräniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.