
KHBS: Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýada saparda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji iýunda Mongoliýada saparda bolar. Bu barada mongol metbugaty habar berýär.
Sapar Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhiň çakylygy boýunça amala aşyrylar.
Duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanlarynyň sebit hem-de halkara derejede ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary ösdürmek barada resmi gepleşikler geçirmegine garaşylýar.
Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýuldy.